Siziň şu onlaýn platformadan peýdalanmagyňyz, ulanyş düzgünlerini okandygyňyzy, düşünendigiňizi we onda beýan edilen ähli şertler bilen ylalaşandygyňyzy aňladýar.
1. Onlaýn platforma.
“Adalat” elektron maglumat toplumy onlaýn platformasyny we onuň ähli düzüm böleklerini öz içine alýar. Platforma Türkmenistanyň Adalat ministrligine degişli bolup, diňe ygtyýar berlen ulanyjylar tarapyndan ulanmak üçin niýetlenendir.
2. Platforma giriş we ulanyş şertleri.
“Adalat” elektron maglumat toplumy onlaýn platformadan peýdalanmak üçin ulanyjy internet birikmesine eýe bolmalydyr. Platforma giriş diňe ygtyýar berlen ulanyjy arkaly amala aşyrylýar. Ulanyjy ulanýan enjamynyň we internet birikmesiniň platformanyň işine oňaýsyz täsir etmejek ýagdaýda üpjün edilýär.
3. Ulanyjynyň hukuklary.
Siz, Ulanyjy hökmünde “Adalat” elektron maglumat toplumy onlaýn platformasy arkaly gerekli kadalaşdyryjy hukuk namalary gözläp we okap bilersiňiz, Umumy hukuk klassifikatory, güýjüni ýitiren namalar, kodekslere we kanunlara ylmy-tejribe düşündirişler, hukuk sözlüginden peýdalanyp bilersiňiz.
4. Ulanyjynyň hukuklarynyň çäklendirilmegi.
“Adalat” elektron maglumat toplumy onlaýn platformanyň mazmunyny ýaýratmak, böleklere bölmek, onuň nusgasyny göçürmek ýa-da bölünip aýrylan görnüşini döretmek gadagandyr. Ulanyjy platformanyň mazmunyna ýa-da gurluşyna üýtgetme girizmäge, düşündiriş bermäge, gaýtadan döretmäge, şeýle hem şu Ylalaşykda görkezilenlerden başga şertlerde mazmuny ulanmak hukugyny üçünji taraplara geçirmäge ygtyýarly däldir.
Platformanyň mazmunyny satmak, kireýine bermek, wagtlaýyn ulanmaga bermek ýa-da ulanmak hukuklaryny başga şahslara geçirmek gadagandyr.
Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelýän usullar arkaly platformanyň başlangyç koduny almak, onuň düzümini bozmak, goşmaça kodlaryny sökmek ýa-da seljerme geçirmek gadagandyr.
Ulanyjy Türkmenistanyň degişli kanunlaryna, şol sanda awtorlyk hukugy, gatyşyk hukugy we intellektual eýeçilik hukuklarynyň goralmagy baradaky kadalara laýyklykda platformany ulanýandygyny ykrar edýär.
5. Awtorlyk hukugy.
“Adalat” elektron maglumat toplumy onlaýn platforma we onuň ähli hukuklary, şol sanda (çäklendirmesiz) eýeçilik we intellektual eýeçilik hukuklary, Türkmenistanyň Adalat ministrligine degişlidir. Platformanyň içki düzümi, gurluşy we kody täjirçilik syry hem-de gizlin maglumat bolup, ol Türkmenistanyň Adalat ministrligine degişli intellektual gymmatlykdyr. Platformanyň mazmunynyň ýa-da kodunyň nusgasyny almak gadagandyr.
Eger ulanyjy platforma boýunça seljerme geçirip, onuň düzümini bozsa, koduny sökse ýa-da şu Ylalaşykda görkezilen düzgünleri bozýan beýleki usullar arkaly başlangyç koduna ýetmäge synanyşsa, bu barada ähli maglumatlar derrew we bökdençsiz ýagdaýda Türkmenistanyň Adalat ministrligine berler.
6. Ulanyjynyň maglumatlaryny we hukuklaryny goramak.
Siz, Ulanyjy hökmünde “Adalat” elektron maglumat toplumy onlaýn platformasyny ulanmak üçin zerur şahsy maglumatlaryňyzyň işlenmegine, saklanmagyna we gaýtadan işlenmegine Türkmenistanyň Adalat ministrligine rugsat berýärsiňiz.
Siz şu Ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň öz serişdeleriniň we tehniki mümkinçilikleriniň kömegi bilen platformanyň dogry we şertlere laýyk peýdalanylyşyny barlamaga hukugynyň bardygyny ykrar edýärsiňiz.